Edebi-dil

Luka bolum 11

Isa din mugallymlary bilen

41 *Isanyň ene-atasy her ýyl *Pesah baýramynda *Iýerusalime gidýärdiler. 42 Isa on iki ýaşyna ýetende, olar baýramçylyk adaty boýunça ýene Iýerusalime gitdiler. 43 Baýramçylyk gutarandan soň, olar öýlerine dolandylar. Ýetginjek Isa bolsa Iýerusalimde galdy, emma Onuň ene-atasynyň mundan habary ýokdy. 44 Olar Ony ýolagçylaryň arasyndadyr öýdüp, bir günlük ýoly geçdiler. Onsoň Ony dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň arasyndan gözläp başladylar. 45 Ony gözläp tapmansoňlar, yzlaryna Iýerusalime dolandylar. 46 Üç günden soň, Ony *ybadathananyň howlusyndan tapdylar. Ol din mugallymlarynyň arasynda oturyp, olary diňläp, soraglar berýärdi. 47 Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar. 48 Ene-atasy Ony görenlerinde geň galdylar. Ejesi Oňa: «Oglum! Näme üçin beýtdiň? Kakaň ikimiz gaty gaýgy edip, Seni gözledik» diýdi. 49 Isa olara: «Meni näme üçin gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärdiňizmi?» diýdi. 50 Emma olar Onuň näme diýjek bolýandygyna düşünmediler. 51 Onsoň Isa ene-atasy bilen Nasyra gaýtdy, olaryň sözüne gulak asdy. Emma Onuň ejesi bu gürrüňleriň ählisini ýüreginde saklaýardy. 52 Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy.

Dowamy şu taýda .