Mukaddes Kitap Türkmen dilinde
Lukanyň hoş habary
Giriş
Bu kitap Luka atly lukman tarapyndan ýazyldy. Ol Isa iman eden ilkinji adamlaryň biridi. Luka Isanyň durmuşynyň, görkezen gudratlarynyň, wagyzlarynyň şaýady bolan adamlaryň gürrüňlerini yhlas bilen ýygnap, iki kitap: Lukanyň hoş habary we Resullaryň işleri atly kitaplary ýazdy.
Luka Hoş Habar kitabyny Isa Mesihiň Halasgärdigi baradaky habary hemmelere mälim etmek maksady bilen ýazýar. Bu Halasgär gadymyýetdäki pygamberler arkaly Hudaý tarapyndan wada berlipdi. Luka bu Hoş Habaryň diňe bir urug ýa-da halk üçin däl-de, tutuş adamzat üçindigini gaýta-gaýta nygtaýar. Ol garyplar we aýallar ýaly köp kemsidilmelere we zuluma duçar bolýanlar barada Isa Mesihiň hossarlyk bilen alada edendigini beýan edýär. Luka Isa Mesihiň Özi barada aýdanlaryny mysal getirip, şuny ýazýar: «Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady… zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi». (Luk 4:18.)
Luka Hudaýyň söýgüsi, Mukaddes Ruh, doga-dilegiň güýji barada köp ýazýar. Ol öz kitabynda Isanyň köp tymsallaryny aýdyp berýär. Bu tymsallar adaty durmuşa esaslanyp, Hudaýyň Şalygy barada, bu Şalygyň raýaty bolmak üçin näme etmelidigini okyja sada dilde düşündirýär.
Mazmuny
Giriş 1:1-4
Ýahýa pygamberiň we Isa Mesihiň dogulmagy, olaryň çagalygy 1:5–2:52
Isa Mesihiň synalmagy we çümdürilmegi 3:1–4:13
Isa Mesihiň Jelilede görkezen gudratlary we wagyzlary 4:14–9:50
Isa Iýerusalime ugraýar 9:51–19:27
Iýerusalime dabaraly giriş we soň bolan wakalar 19:28–23:56
Rebbiň direlişi, şägirtlerine görünmegi we göge alynmagy 24:1-53
1‑nji bap
Sözbaşy
1 Hormatly Teofil! Ençeme adamlar aramyzda bolup geçen wakalaryň taryhyny ýazmaga girişdiler. 2 Şol wakalary bize ilkibaşdan gözleri bilen gören şaýatlar we Hudaýyň *Hoş Habarynyň hyzmatçylary ýetirdi. 3 Şonuň üçin, eý, gadyrly Teofil, meniň özüm hem bolup geçen wakalaryň anygyna ýetip, saňa hemmesini jikme-jik ýazmagy ýüregime düwdüm. 4 Indi sen özüňe öwredilen zatlaryň hakykatdygyna göz ýetirersiň.