Edebi-dil

Luka bolum 9

Çopanlar we perişdeler

8 Şol gije Beýtullahamyň golaýynda käbir çopanlar sürülerini goraýardylar. 9 Birdenkä olaryň öňünde *Rebbiň bir *perişdesi peýda boldy we Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. 10 Perişde olara: «Gorkmaň! Men size ähli halky begendirjek şatlykly *Hoş Habary yglan edýärin: 11 Şu gün *Dawudyň şäherinde siziň üçin *Halasgär doguldy. Ol Rebbimiz Mesihdir. 12 Ine, bu size bir alamat bolar: siz gundaga dolangy, ahyrda ýatan bir Çagany taparsyňyz» diýdi. 13 Birdenkä perişde bilen birlikde gögüň san-sajaksyz goşuny göründi. Olar Hudaýy öwüp *şöhratlandyrdylar:

14 «Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun!

Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun! 4 » diýýärdiler.

15 *Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp, göge göterilenlerinde, çopanlar biri-birlerine: «Ýörüň, Beýtullahama gideliň. Rebbiň bize aýan eden bu wakasyny göreliň» diýişdiler.

16 Şeýlelikde, olar gyssanmaç gidip, *Merýemi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar. 17 Olar *Isany görenlerinde, bu çaga hakda eşidenlerini olara gürrüň berdiler. 18 Çopanlaryň gürrüňlerini eşidenleriň bary haýran galdy. 19 Merýem bolsa bu zatlaryň bary hakda çuňňur pikire batyp, olary ýüreginde saklaýardy. 20 Çopanlar hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolandygy üçin, Hudaýy *şöhratlandyrdylar, öwgüler aýdyp, yzlaryna dolandylar.


42:14 Hudaýdan… parahatlyk bolsun! – bu jümle käbir golýazmalarda Ýer ýüzünde parahatlyk, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun! diýip duş gelýär.