Edebi-dil

Luka bolum 8

2‑nji bap

Isa dogulýar

1 Şol günlerde *Rim *imperatory Awgust tutuş imperiýada ilat ýazuwyny geçirmek barada perman çykardy. 2 Bu ilkinji ilat ýazuwy bolup, ol Kiriniusyň Siriýa hökümdarlyk eden döwründe geçirildi. 3 Ilat ýazuwyndan geçmek üçin, her kim öz şäherine gitdi.

4 Şeýlelikde, Ýusup hem *Jeliledäki Nasyra şäherinden çykyp, *Dawudyň *Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherine gitdi, sebäbi ol Dawudyň urugyndan bolup, onuň nesline degişlidi. 5 Ýusup ýazylmak üçin ol ýere göwreli adaglysy *Merýemi hem alyp gitdi. 6-7 Olar Beýtullahamdakalar, Merýemiň aýy-güni dolup, nowbahar ogluny dogurdy. Merýem Ony gundaga dolady-da, bir ahyrda ýatyrdy, sebäbi olar myhmanhanadan ýer tapmandylar.